Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri 200 gün bäri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan hüjümlerinde şu günki güne çenli ýogalan palestinalylaryň sany soňky 24 sagatda 32 adam artyp, 34 müň 183 adama ýetdi

2131100
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri 200 gün bäri dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 200 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 32 palestinalynyň ýogalandygy, 59 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 183 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 77 müň 143 adama ýetdi. 

Gazada soňky 10 günde öldürilen palestinalylaryň sany bolsa 469 adama ýetendigi mälim edildi. 

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar