Hytaýdaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde azyndan 6 adam ýaralandy

Aşa ýagan ýagyşlaryň täsirli bolan sebitlerde takmynan 19,4 million dollar derejesinde zyýan çekilendigi aýan edildi

2130774
Hytaýdaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde azyndan 6 adam ýaralandy

Hytaýyň günortasynda geçen hepdäniň ahyrynda täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde azyndan 6 adam ýaralandy. 

Şaoguan şäherinde dereksiz ýiten hökmünde hasaba alynan 6 adam bilen Sinýuan şäherindäki 5 adamyň gözleg işleri dowam edýär. 

Resmiler tarapyndan berilen beýanatda, ýurduň günortasyndaky Şaoguan, Guançžou, Heýuan, Çžaosin, Sinýuan, Maýçžou we Hueýçžou şäherlerinde ýaşaýan azyndan 82 müň 500 adamyň ewakuasiýa edilendigi bellenip, 36 binanyň dolulygyna ýumrulandygy, 48 bina bolsa agyr zeper ýetendigi mälim edildi. 

Aşa ýagan ýagyşlaryň täsirli bolan sebitlerde takmynan 19,4 million dollar derejesinde zyýan çekilendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar