Parižde Rasizm we Yslam Garşydaşlygy Protest Edildi

Parižde jemlenşen demonstrantlar ýurtdaky polis basyşyny we Gazada dowam edýän gumanitar pajygany protest etmek üçin ýöriş geçirdi.

2130503
Parižde Rasizm we Yslam Garşydaşlygy Protest Edildi
paris irkcilik protestosu.jpg
paris irkcilik protestosu.jpg

Demonstrantlar Palestin baýdaklaryny göterdiler we kufiýýa dakynyp, şygarlar aýtdylar.

Demonstrantlar “Rasizmi togtadyň, yslam garşydaşlygyny duruzyň”, “Çagalarymyz howp astynda”, “Gazada genosidi togtadyň”, “Kolonializme garşy antisionist göreş” ýazylan şygarlary göterdiler.

Müňlerçe adamyň gatnaşan protest aksiýasynda Fransiýada hökümete garşy Sary keltekçeliler hereketiniň öňdebaryjylary, Palestina berýän goldawy bilen tanalýan oppozisioner Boýun egmeýän Fransiýa partiýasynyň halk deputatlary we syýasy bosgunlar gatnaşdylar.

Asly afrikaly bolan demonstrantlar ýerli sazlary bilen tans edip, ýöriş geçirdiler.

Şeýle hem ýörişde 2023-nji ýylyň tomsunda polis tarapyndan öldürilen ýaşlardan biri hatyralandy.



Degişli Habarlar