Lufthansa Eýrana we Liwana Guraýan Uçar Saparlaryny Bes Etdi

Tährana we Beýruda guraýan uçar saparlarynyň 30-njy aprele çenli bes edilendigi mälim edildi

2129590
Lufthansa Eýrana we Liwana Guraýan Uçar Saparlaryny Bes Etdi

Nemes howa ýoly firmasy Lufthansa, Eýranyň paýtagty Tährana we Liwanyň paýtagty Beýruda guraýan uçar saparlarynyň 30-njy aprele çenli bes edilendigini mälim etdi.

Lufthansadan berlen beýannamada, Tährana we Beýruda guraljak uçar saparlarynyň 30-njy aprele çenli bes edilendigi, şol güne çenli Eýranyn howa giňişliginiň hem firma tarapyndan ulanylmajakdygy nygtaldy.

Beýannamada Lufthansanyň Ýakyn Gündogaryň howpsuzlygy meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýandygy bellenildi.

Lufthansa Tährana we Býruda guralýan uçar saparlaryny ozal 18-nji aprele çenli bes edipdi.



Degişli Habarlar