Britaniýa we ABŞ Eýrana Goşmaça Sanksiýa Goýar

Bu barada Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda habar berilýär.

2129548
Britaniýa we ABŞ Eýrana Goşmaça Sanksiýa Goýar

Britaniýanyň we ABŞ-nyň Eýranyň Ysraýyla guran howa hüjüminden soň sebitde durnuklylyga zyýan ýetiriji işler alyp barýandygy sebäpli eýranly 7 adama we 6 gurama sanksiýa goýjakdyklaryny beýan etdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Eýranyň 13-nji aprelde Ysraýyla guran hüjümine garşy ABŞ bilen utgaşykly ýagdaýda Eýranyň harby goşunlarynyň öňdebaryjy ýolbaşçylaryna sanksiýa goýmak hakynda karar kabul edilendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň we Britaniýanyň şol sanksiýalar bilen Eýranyň dron we raketa senagatlaryndaky esasy adamlaryna garşy tory ýygjamlaşdyrmagy maskat edinýändigi nygtalyp, sanksiýalaryň Eýranyň sebiti durnuksyzlaşdyrma ukybyny hasam çäklendirjekdigi beýan edildi.

Sanksiýa goýuljak 7 adamyň we 6 guramanyň düzüminde Eýranyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby, Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşunynyň Deňz güýçleri we Eýranyň Goranmak ministri general-maýor Muhammed Reza Aştiýanyň bardygy habar berildi.

Sanksiýa goýulan adamlara syýahat gadagançylygynyň goýuljakdygy we emläkleriniň doňduryljakdygy, kanuny taraplaryň bolsa emläkleriniň doňdurylmaga degişli boljakdygy beýan edildi.

 

 



Degişli Habarlar