Polşada Zelenskiýniň Janyna Kast Etmäge Goldaw Berendigi Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi

Polşada Russiýanyň howpsuzlyk gullugynyň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň janyna kast etme meýilnamasyna goldaw berendigi sebäpli bir adam tussag edildi.

2129574
Polşada Zelenskiýniň Janyna Kast Etmäge Goldaw Berendigi Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi

Polşanyň Milli Prokurotura ofisi Rawel K. atly raýatyň tussag edilmegi hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada Polşanyň Ukraina serhedinden 90 kilometr alysdaky Žeşuw- Ýasenka howa menzili hakynda giňişleýin maglumat ýetirmäge çalyşandygy öňe sürüşen Pawel K-niň, Russiýa-Ukraina söweşine gatnaşan ruslar bilen aragatnaşyk saklamaga synanşandygy beýan edildi.

Şol maglumatlaryň Zelenskiýniň janyna kast etme synanşygynda peýdalanylyp bilinjekdigine üns çekilýän beýannamada, Pawel K-niň günäli diýlip talypalan halatynda 8 ýyl azatlykdan mahrul ediljekdigi beýan edildi.

Amerikan harby birikmesinin gözegçiligindäki Žeşuw-Ýasenka howa menzili Ukraina ugradylýan ynsanperwer we harby kömekleriň geçiş nokadynda ýerleşýär.



Degişli Habarlar