Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 970 Adama Ýetdi

Ysraýylyň harby goşuny 195 günden bäri Gaza Sektoryny bombalaýar.

2129488
Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 970 Adama Ýetdi

Ysraýylyň soňky 24 sagatda Gaza Sektoryna guran hüjümlerinde ýene-de 71 palestinaly ýogaldy.

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 33 müň 970 adama ýetdi.

Ysraýylyň harby goşuny 195 günden bäri Gaza Sektoryny bombalaýar.

Palestinanyň Saglygy Goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň soňky 24 sagatda Gaza Sektoryna garşy guran hüjümlerinde 71 adamyň ýogalandygy, 106 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 33 müň 970, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 76 müň 770 adama ýetendigi ýatladyldy.


Etiketkalar: #bombalamak , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar