Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan hüjümlerined şu günki güne çenli ýogalan palestinalylaryň sany 33 müň 797 adama ýetdi

2127898
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 192 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 68 palestinalynyň ýogalandygy, 94 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 33 müň 797 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 76 müň 465 adama ýetdi. 

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar