NATO Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy

NATO “Eýranyň Ysraýyla hüjümleri bilen Ýakyn Gündogardaky dartgynlygyň artmagyny” ýazgaryp, parasatçylyk üçin çagyryş etdi.

2127562
NATO Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy

NATO-nyň Metbugat sekretary Farah Dahlallah X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda; “Alýansyň Eýranyň öňňin gije dartgynlygy artdyrmagyny ýazgarandygyny we parasatlylyk üçin çagyryş edendigini” nygtady.

NATO-nyň wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny mälim eden Dahlallah “Ýakyn Gündogardaky çaknyşyklaryň gözegçilikde bolmagy möhüm” diýdi.

Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky konsullygyna 1-nji aprelde howa hüjümini gurapdy. Hüjümde Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşunyndan 2 sanysy general 7 adam ölüpdi.

Eýran Ysraýylyň konsullyga guran hüjüminiň ýurduna guralandygy manysyny aňladýandygyny we gaýtawul görkezjekdiklerini beýan edipdi.

Ysraýyl bolsa Eýranyn hüjümlerine garşylyk görkezjekdigini habar beripdi.

Eýran öňňin gije Ysraýyla ýüzlerçe kamikadze dron, ballistiki we ganatly  raketalar bilen hüjüm başladyp, käbir harby desgalaryň urlandygyny beýan edipdi.

Ysraýyl bolsa hüjümleriň esasy böleginiň howa goranyş ulgamlary tarapyndan öňüniň alynandygyny, emma günortadaky harby baza raketanyň düşendigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar