Abdullahiýan: "ABŞ-na Ysraýyla edilen hüjüm barada duýduryş beripdik" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan Ysraýyla guralan hüjüm barada ABŞ-na zerur duýduryş berendiklerini aýtdy

2127373
Abdullahiýan: "ABŞ-na Ysraýyla edilen hüjüm barada duýduryş beripdik" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan X sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Belgiýa, Kipriň Grek bölegi we Gollandiýa döwletlerindäki kärdeşleri bilen söhbetdeş bolandygyny habar berdi. 

Hüseýin Emir Abdullahiýan: "Ysraýyl hökümediniň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň binasyna guran terrorçylykly hüjümi we halkara hukugynyň we Wena konwensiýalarynyň düzgün bozmalary gün tertibine getirildi. Ýurdumyzyň çemeleşmesini düşündirdim. ABŞ-a zerur duýduryşyň berilendigini nygtap geçdim" diýip mälim etdi. 

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň ele alynandygyny aýan etdi. 

Eýranyň metbugatynda berilen habarlara görä Eýranyň Goranmak ministri Muhammed Ryza Aştiýani hem ýurduna garşy hüjümler barada duýduryş berdi. 

Eýranly ministr: "Ysraýylyň Eýrana hüjüm guramagy üçin howa we gury ýer giňişligini açan ýurtlar, tutanýerli jogabymyzy alar" diýip belledi. 

Eýranyň BMG-daky Hemişelik wekilhanasy hem Ysraýyla guralan howa hüjümleri bilen baglanşykly: "Bu iş häzirlikçe netijelendi. Ysraýyl ýene-de bir ýalňyşlyk etse, Eýran has agyr garşylyk görkezer" diýip mälim etdi. 

Çaknyşygyň Eýran bilen Ysraýylyň arasyndadygy bellenen beýanatda: "ABŞ mundan uzak durmaly" diýip nygtaldy. 



Degişli Habarlar