Russiýa Ukrainaly 99 Esgeriň Jesedini Berdi

Jesetler şahsyýetleriniň anyklanylmagyndan soň jaýlanmagy üçin hossarlaryna berler

2127159
Russiýa Ukrainaly 99 Esgeriň Jesedini Berdi

Ukrainanyň Söweş ýesirleri gullugyndan berlen ýazmaça beýannamada, Russiýa bilen dowam edýän söweşde ölen ukrainaly esgerleriň jesetleriniň yzyna berilmegi boýunça geçirlen gepleşikler hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, geçirlen gepleşikler netijesinde 99 esgeriň jesediniň Ukraina berlendigi nygtaldy.

Beýannamada ölen 77 esgeriň Doneskde, 20 esgeriň Zaparožýede we 2 esgeriň hem Harkowda söweşen ukrainaly esgerlerdigi ýatladyldy.

Beýannamada, jesetleriň şahsyýetleriniň anyklanylmagyndan soň jaýlanmagy üçin hossarlaryna beriljekdigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar