Norwegiýa Palestina Döwletini Ykrar Etmek Üçin Taýar

Store “ Norwegiýa, Palestina döwletini we onuň BMG-daky ýerini ykrar etmäge taýar”diýdi.

2127172
Norwegiýa Palestina Döwletini Ykrar Etmek Üçin Taýar

Norwegiýanyň Premýer-ministri Ýonas Gara Store, Palestina döwletini ykrar etmek üçin taýardyklaryny aýtdy.

Norwegiýanyň hökümetinden berlen ýazmaça beýannama görä, Premýer-ministri Store, Ispaniýanyn Premýer-ministri Pedro Sançes bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Sançes bilen Ýakyn Gündogarda we Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Store “ Norwegiýa, Palestina döwletini we onuň BMG-daky ýerini ykrar etmäge taýar”diýdi.

Store, Palestina döwletiniň ykrar edilmegi meselesinde Ispaniýa bilen Norwegiýanyň garaýyşlarynyň biri-birine ýakyndygyny belledi.

Ispaniýanyn Premýer-ministri Pedro Sançes, Palestina döwletiniň ykrar edilmegi üçin guraýan goldaw saparynyň çäginde Norwegiýadan soň Irlandiýa bardy.

Goldaw saparynyň çäginde Irlandiýanyň Premýer-ministri simon Harris bilen duşuşan Sançes “Iki döwletli çözgüt meselesinde Irlandiýa bilen Ispaniýa şol bir garaýşa eýe. Zulum bes edilmegi we parahatçylyk ýola goýulmaly. Irlandiýa bilen Ispaniýa amatly şertde Palestinanyň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegine we BMG-na doly agza bolmagyna goldaw berýär” diýdi.

Irlandiýanyň Premýer-ministri Harris hem “Biz Palestina döwletini ykrar etmek üçin taýar” diýdi.

Ispaniýanyn Premýer-ministri Pedro Sançes Palestina döwletiniň ykrar edilmegi üçin ÝB-ne agza ýurtlar bilen birlikde hereket etmek maksady bilen Polşada, Norwagiýada we Irlandiýada saparda boldy.



Degişli Habarlar