BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär

Stefan Dužarriç, “Baş sekrear Eýran-Ysraýyl dartgynlygynda taraplara parasatlylyk çagyryşyny berýär” diýdi.

2127196
BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Eýran-Ysraýyl dartgynlygynda taraplara parasatlylyk çagyryşyny berdi.

BMG-nyň metbugat sekretary Stefan Dužarriç, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.

Dužarriç, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň, Eýranyň Siriýadaky konsullygyna hüjüm guran Ysraýyla degişli gaýtawuly görkezmek üçin taýarlyk görýändigi hakyndaky habarlar bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýtdy.

Dužarriç, Baş sekretaryň dartgynlygyň has-da möwjemegine alada bildirýändigini ýatlatdy.

BMG-nyň metbugat sekretary Stefan Dužarriç, “Baş sekrear Eýran-Ysraýyl dartgynlygynda taraplara parasatlylyk çagyryşyny berýär” diýdi.

Ysraýyl, Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň içinde ýerleşýän konsullyk binasyna 1-nji aprelde howa hüjümini gurapdy.

Hüjümde Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyndan 2-i general 7 adam ýogalypdy.

Eýranyň lideri Ali Hamaneý, Ysraýylyň hüjümine degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini mälip edipdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hem Eýranyň Ysraýyla atýan hemlelerine garşy Tel-Awiwe güýçli goldaw bermäge dowam etjekdiklerini mälim edipdi.

 

 



Degişli Habarlar