Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan hüjümlerined şu günki güne çenli ýogalan palestinalylaryň sany 33 müň 634 adama ýetdi

2127085
Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy hüjümleri dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 189 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 89 palestinalynyň ýogalandygy, 120 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 33 müň 634 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 76 müň 214 adama ýetdi. 

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Gaza

Degişli Habarlar