ABŞ Ukraina Hawk howa goranyş ulgamyny satar

ABŞ-nyň hökümedi Ukraina 138 million dollarlyk gyssagly Hawk howa goranyş ulgamyny satjakdygyny habar berdi

2126886
ABŞ Ukraina Hawk howa goranyş ulgamyny satar

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygyndan berilen beýanatda, resmi Kiýewiň Hawk howa goranyş ulgamlary üçin abatlaýyş we goşmaça şaýlaryny üpjün etmek maksady bilen Ukraina gyssagly 138 million dollarlyk daşary ýurt harby satuwyň geçirilmeginiň tassyklanandygy mälim edildi. 

Beýanatda Hawk howa goranyş ulgamlarynyň ýerleşdirilmeginiň Ukrainanyň halkyny we milli infrastrukturasyny goramak mümkinçiligini artdyrjakdygy bellenip: "Ukrainanyň rus hüjümlerine garşy goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmagy gyssagly bir zerurlykdyr" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #ABŞ

Degişli Habarlar