Russiýa Ukrainanyň goşunynyň Kursk sebitine hüjüm gurandygyny aýtdy

Russiýanyň Kursk sebitiniň gubernatory Roman Starowoýt Ukrainanyň goşunynyň sebite uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde 3 adamyň ýogalandygyny habar berdi

2126677
Russiýa Ukrainanyň goşunynyň Kursk sebitine hüjüm gurandygyny aýtdy

Telegram kanalyndan beýanat beren Russiýanyň Kursk sebitiniň gubernatory Roman Starowoýt Ukrainanyň goşunynyň Kursk sebitindäki Apanasowka obasyna uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny beýan etdi. 

Roman Starowoýt: "Apanasowka obasyndaky asuda ilata degişli ulaglaryň birine Ukraina degişli uçarmansyz howa ulagyndan partlaýjy atyldy. Gynansagam ulagyň içindäki 2-si çaga jemi 3 adam ýogaldy. Ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýärin" diýip habar berdi. 

9-njy aprelde Ukrainanyň goşunynyň Brýansk sebitine artilleriýa toplary bilen guran hüjüminde 2 adamyň ýogalandygy habar berilipdi. 


Etiketkalar: #Kursk , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar