Russiýa: "Ukrainanyň Brýanska guran hüjüminde 2 adam ýogaldy" diýdi

Russiýanyň Brýansk sebitiniň gubernatory Aleksandr Bogomaz, Ukrainanyň goşunynyň sebite guran hüjüminde 2 adamyň ýogalandygyny habar berdi

2126472
Russiýa: "Ukrainanyň Brýanska guran hüjüminde 2 adam ýogaldy" diýdi

Russiýanyň Brýansk sebitiniň gubernatory Aleksandr Bogomaz Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Brýansk sebitindäki Klimowo ýaşaýyş zolagyna artilleriýa toplary bilen hüjümler gurandygyny beýan etdi. 

Hüjümde 1-i çaga jemi 2 adamyň ýogalandygyny, 3 adamyň hem ýaralanandygyny aýdan Bogomaz, ýaralanan adamlaryň bejergi astyna alynandygyny mälim etdi. 

Bogomaz hüjümiň netijesinde 1 öýüň ýanandygyny, wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş toparlarynyň iş alyp barýandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar