Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy

Russiýanyň gözegçiligindäki Ukrainanyň Zaporožýe ýadro bekedine dronlar bilen 3 hüjüm guraldy.

2125856
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy

Russiýa dronlar bilen bekede guralan hüjümlerde 3 adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.

Bekediň käbir ýerlerine zeper ýetendigi mälim edildi.

Hüjümler sebäpli Desgadaky we sebitdäki radiasiýanyň derejesiniň üýtgemändigi habar berildi.

Halkara Atom energiýasy gullugy hem bekede hüjümiň guralandygyny tassyklady.

Zaporože atom energiýa bekedindäki esasy reaktoryň daşyndaky binalara azyndan üç gezek hüjüm guralandygy habar berildi.

Russiýanyň Goranmak ministri Ukrainanyň Russiýanyň çäklerine 15 dron bilen guramaga synanşan hüjüminiň yza serpikdirilendigini beýan etdi.

Dronlaryň rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarylandygy mälim edildi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bolsa birnäçe wagtdan bäri rus hüjümlerine sezewar bolýan Harkow şäheri hakynda beýannama berdi.

“Dünýä Harkowa guralan hüjümleriň agyr netijelerini görmeli” diýen Zelenskiý, howa goranyş ulgamynyň berilmegini talap etdi.

 



Degişli Habarlar