Ysraýyla Goldawymyz Şertsiz we Müdimi Däl

Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kameron ýurdunyň Ysraýyla berýan goldawynyň şertsiz däldigini beýan etdi.

2125993
Ysraýyla Goldawymyz Şertsiz we Müdimi Däl

Kameron Ysraýylyň Gaza hüjümleri hakynda “The Sunday Times” gazetine makala ýazdy.

Halkara ynsanperwer kömek guramasy “World Central Kitcheniň” igärlerine guralan hüjümi hakynda durup geçen Kameron, 3 iňlis raýatynyň hem ýogalandygyny ýatlatdy.

Ysraýylyň ýalňyşlygyny kabul edip, jogapkärçiligi boýun alandygyna ünsi çeken Kameron, onuň gaýtalanmaly däldigini beýan etdi.

Gaza täze bir kömek geçelgesiniň açylyp, ynsanperwer kömekleriniň mukdarynyň artjakdygy hakykyndaky habarlaryň begendirijidigini nygtan Kameron; Sözler iş ýüzüne geçmeli. Eger şeýle bolman halatynda köpçülikleýin gyrgynçylyk ähtimallygy bar” diýdi.

Kameron Ysraýylyň özüni gorama hukugyna goldaw bermegiň möhümdigini nygtap; “Elbetde bu goldawymyz şertsiz däl. Ysraýylyň halkara ynsanperwer hukuklaryny berjaý etmegine garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar