Ysraýyl 183 Günden Bäri Gaza Ölüm Ýagdyrýar

7-nji oktýabrdan bäri gyrylan palestinalylaryň sany 33,200 adama ýetdi.

2125886
Ysraýyl 183 Günden Bäri Gaza Ölüm Ýagdyrýar

Ysraýylyň goşunlary tarapyndan ýumrulan Han Ýunus harabalyga öwrüldi.

Ysraýylyň radiosy 4 aýdan bäri guraýan hüjümleri bilen haraba öwrülen Han Ýunusdan “Rafaha guraljak hüjüme taýýarlyk maksady bilen” çekilendigini habar berdi.

Ysraýylyň hüjümlerinden öň ýaşan öýlerine dolanyp baran palestinalar agyr ýagdaýy ýerinde gördüler.

Gazada hüjümleriň bes edilmegi we ýesirleriň çalşygy üçin bolsa gepleşikler dowam edýär.

Müsüriň metbugaty Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça geçirilýän gepleşikleriň netijelidigini habar berdi.

“Al Kair Nýus” ýaýlymy Müsüriň diplomatik çeşmelerine salgylanyp beren habarynda ähli taraplaryň arasynda başlangyç hususlarda ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar