Ysraýylyň Rimdäki Ilçihanasy Howpsuzlyk Sebäpli Ýapyldy

Ysraýyl dünýäniň çar tarapyndaky 30 diplomatik wekilhanasynyň ýapylmagy barada karar kabul etdi

2125536
Ysraýylyň Rimdäki Ilçihanasy Howpsuzlyk Sebäpli Ýapyldy

Italiýanyň ANSA habarlar gullugy, Ysraýylyň Rimdäki ilçihanasynyň, Ysraýylyň Eýranyň Damaskdaky konsullygyna guran hüjümi sebäpli ýapylandygyny habar berdi.

Habarda, Damaskdaky eýranly ýokary derejeli ýolbaşçylaryň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümden soň Eýranyň ar aljakdygy sebäpli Ysraýylyň dünýäniň çar tarapyndaky 30 diplomatik wekilhanasynyň ýapylmagy barada karar kabul edendigi ýatladyldy.

Ysraýylyň, Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynda ýerleşýän konsullyk binasyna 1-nji aprelde guran howa hüjüminde Eýranyň ynkylap goragçylaryndan 2-si general 7 adam ýogalypdy.

Hüjümde Siriýanyň raýaty bolan 6 adamyň hem ýogalandygy mälim edildi.


Etiketkalar: #Italiýa , #ilçihana , #Ysraýyl

Degişli Habarlar