Gazada ýene-de 4 ysraýylly esger öldürildi

Ysraýylyň goşuny Gaza zolagynyň günortasynda başdan geçirilen çaknyşyklarda 1-i kapitan çinli bolan ýene-de 4 esgeriniň öldürilendigini habar berdi

2125808
Gazada ýene-de 4 ysraýylly esger öldürildi

Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanata görä, Gaza zolagynyň günortasyndaky Han Ýunus sebitinde düýn günortan palestinaly toparlar bilen ysraýylly esgerleriň arasynda çaknyşyklar başdan geçirildi. 

Ýaragly çaknyşyklarda 1-i kapitan çinli bolan ýene-de 4 ysraýylly esger öldürildi. 

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan hüjümlerinde 260-sy gury ýer basyp alyşlyk tapgyrynda bolmak bilen jemi 604 esgeri öldürildi. 

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 14 mň 500-i çaga, 9 müň 560-y zenan bolmak bilen 33 müň 175 palestinaly öldürildi, 75 müň 886 palestinaly ýaralandy. 


Etiketkalar: #esger , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar