Ukraina, Russiýa Garşy Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Gurady

Ukrainanyň Russiýa garşy 53 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny habar berildi

2125317
Ukraina, Russiýa Garşy Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Gurady

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň Russiýa garşy 53 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Geçen gije we 5-nji aprelde ir ertir Ukrainanyň Russiýa garşy uçarmansyz howa ulaglary bilen guran terrorçylykly hüjümleriniň öňü alyndy” diýildi.

Beýannamada, Rus howa goranyş ulgamlarynyň Rostow sebitinde 44, Saratow sebitinde1, Kursk sebitinde 1, Belgorod sebitinde 1, Krasnoda sebitinde hem Ukraina degişli 6 uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar