Günorta Koreýa iki rus işewürine garşy sanksiýa girizdi

Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýa ýarag öndürmäge kömek edendikleri çak edilýän iki rus işewürine garşy sanksiýa girizmek barada karara geldi

2124704
Günorta Koreýa iki rus işewürine garşy sanksiýa girizdi

Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrligi rus işewür adamlara garşy girizilen sanksiýalar barada maglumat berdi. 

Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrligi: "Intellekt LLC kärhanasynyň başlygy Sergeý Mihaýlowiç Kozlow, Sodeistvie kärhanasynyň başlygy Aleksandr Fýodorowiç Panfilow we ady agzalan 2 kärhana sanksiýa sanawyna alyndy" diýip habar berdi. 

Moskwa bilen Phenýanyň arasynda harby enjamlaryň logistikasyny ýerine ýetirýän "Lady R" we "Angara" atly 2 rus gämilerine garşy hem sanksiýa giriziljekdigi mälim edildi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "Demirgazyk Koreýa we Russiýanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk bütin dünýäniň parahatçylygyna we durnuklylygyna wehim salýar we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlarynyň düzgünini açyk ýagdaýda bozýar" diýip beýan edildi.



Degişli Habarlar