ÝB Eýranyň Damaskdaky Konsullygyna Guralan Hüjümi Ýazgardy

Beýannamada, “Onsuz hem dartgynly bolan sebitde parasatly çemeleşilmegi diýseň möhüm” diýildi.

2124521
ÝB Eýranyň Damaskdaky Konsullygyna Guralan Hüjümi Ýazgardy

Ýewropa Bileleşigi, Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň içinde ýerleşýän konsullyk binasyna 1-nji aprelde guralan howa hüjümini ýazgardy.

ÝB-den berlen beýannamada, “Onsuz hem dartgynly bolan sebitde parasatly çemeleşilmegi diýseň möhüm” diýildi.

Beýannamada, sebitde dartgynlygyň möwjemeginiň hiç kimiň bähbidine bolmandygy bellenildi.

ÝB-den berlen beýannamada, Siriýanyň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň içinde ýerleşýän konsullyk binasyna 1-nji aprelde guralan howa hüjümi ýazgaryldy.

Beýannamada “Her şertde diplomatik wekilhanalara we wekillere el degrilmezligi ýörelgesine we halkara hukugyna sarpa goýulmaly” diýildi.

Ysraýylyň Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň içinde ýerleşýän konsullyk binasyna 1-nji aprelde guran howa hüjüminde Eýranyň ynkylap goraçy goşunyndan 2-i general 7 adam ýogalypdy.

Hüjüme degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini aýdan Eýran, wakadan ABŞ-nyň jogapkärdigini öňe sürüpdi.


Etiketkalar: #Eýran , #ýazgarmak , #ÝB

Degişli Habarlar