Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady

Russiýanyň Ukrainanyň Harkow şäherine "Şahed" kysymly uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy

2124834
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady

Harkow sebitiniň Harby dolanşygynyň başlygy Oleg Sinegubow sosial media hasabyndan beýanat berdi. 

Beýanata görä rus goşuny Harkow şäherine azyndan 15 sany "Şahed" kysymly uçarmansyz howa ulagyny gönükdirdi, olaryň ýarysy täsirsiz ýadgaýa getirildi. 

Hüjümde Nowobawarskiý, Slobidskiý, Saltiwski etrapçalary nyşana alyndy. 

Nowobawarskiý etrapçasynda 14 gatly binanyň nyşana alynmagy netijesinde 4 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy. 

Ýogalan 3 adamyň ilkinji hüjümde wakanyň bolan ýerine baran gözleg we halas ediş işleriniň işgärleridigi habar berildi. 

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina uruşy başlapdy. 

Putin Kiýewiň NATO agza bolmagynyň öňüni almak we ony Russiýanyň täsiri astynda saklamak üçin ýurduň ýaragsyzlandyrylmagyny we nasistlerden saplanmagyny maksat edinýändigini aýdypdy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Harkow , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar