Belgiýanyň Wise-premýeri Palestinanyň Garaşsyz Döwlet Hökmünde Ykrar Edilmegini Isleýär

Petra De Satter, ýurdunyň Palestina döwletini tomus aýlaryndan öň ykrar etmelidigini aýtdy.

2124614
Belgiýanyň Wise-premýeri Palestinanyň Garaşsyz Döwlet Hökmünde Ykrar Edilmegini Isleýär

Belgiýanyň Wise-premýeri Petra De Satter, ýurdunyň Palestina döwletini tomus aýlaryndan öň ykrar etmelidigini aýtdy.

De Satter, Ispaniýanyň tomus aýlaryndan öň Palestina döwletini ykrar etmegi meýilleşdirýändigini, ýurdunyň hem Palestinanyň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegi üçin işe girişilmelidigini belledi.

“Biz Garaşsyz Palestina döwletini we onuň BMG-na agza bolmak üçin ýaňadandan beren tekibini resmi taýdan ykrar etmeli” diýen De Satter, palestin halkynyň öz ykbalyny kesgitlemek hukugyndan peýdalanmalydygyny nygtady.

Ispaniýa, Irlandiýa, Malta we Sloweniýa 22-nji martda amatly şertler ýüze çykan halatynda Palestina döwletini ykrar etmäge taýardyklaryny mälim edipdi.

Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes 2-nji aprelde beren beýannamasynda Palestinany tomus aýlaryndan öň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etjekdiklerini beýan etdi.



Degişli Habarlar