Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar

2123509
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar

Gazete.ru saýty tarapyndan berilen habarda, Russiýanyň Daşary işler ministrligi ady agzalan işi Adalat ministrligi bilen bilelikde alyp barýandygy, emma soňky kararyň hökümet tarapyndan beriljekdigi mälim edildi. 

Beýleki tarapdan Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow Talibanyň wekiliýetiniň Russiýada geçiriljek 15-nji Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForuma çagyrylandygyny we olaryň foruma gatnaşmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. 

Moskwa bilen Yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek platformasy hökmünde häsýetlendirilýän KazanForum, 14-19-njy maý aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriler. 

Kabulow jikme-jik ýagdaýda beýan bermekden saklanyp, Russiýanyň Owganystanyň Taliban hökümedi bilen halkara terrora garşy göreş babatynda dowamly häsýetde hyzmatdaşlyk içindedigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar