Owganystanda Minanyň Ýarylmagy Sebäpli 9 Çaga Ýogaldy

Giro etrabynyň Zedran obasynda Sowet Soýuzynyň Owganystany basyp alan döwründen galan mina ýaryldy

2123294
Owganystanda Minanyň Ýarylmagy Sebäpli 9 Çaga Ýogaldy

Owganystanyň Gazna welaýatynda minanyň ýarylmagy sebäpli 9 çaga ýogaldy.

Talibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň habarlar gullugy Bahktara beýannama beren Gazna welaýatynyň Medeniýet müdüri Molla Hamidulah Nisar, Giro etrabynyň Zedran obasynda Sowet Soýuzynyň Owganystany basyp alan döwründen galan minanyň ýarylandygyny aýtdy.

Çagalaryň oýun oýnaýan ýerinde bolan partlamada 5-i gyz 9 çaganyň ýogalandygy nygtaldy.

1979-1989-njy ýyllarda Owganystany basyp alan Sowet Soýuzy pitneçilere garşy göreşmek üçin çetki etrapla mina ýerleşdiripdi.

Şol minalar köp sanly çaganyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp boldy.

 

 

 

 


Etiketkalar: #çagalar , #mina , #Owganystan

Degişli Habarlar