Nigeriýada Metjide Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy

Hüjümde çagalar bilen birlikde birnäçe adam hem zamun alyndy.

2123801
Nigeriýada Metjide Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy

Nigeriýanyň Zamfara sebitinde ýaragly adamlaryň metjide guran hüjüminde 1 adam ýogaldy, birnäçe adam hem zamun alyndy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, ýaragly adamlar düýn gije Zamfara sebitindäki metjide hüjüm gurady.

Metjitde namaz okaýarka guralan hüjümde 1 adam ýogaldy, çagalar bilen birlikde birnäçe adam hem zamun alyndy.

Içeri işler müdürligi, hüjüm bilen arabaglanşykly işiň gozgalandygyny habar berdi.

 



Degişli Habarlar