Hindistandaky tebigy apatlarda 5 adam ýogaldy

Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda täsirli bolan tupan we tüweleý apatlarynda 5 adam ýogaldy, 100 adam ýaralandy

2123475
Hindistandaky tebigy apatlarda 5 adam ýogaldy

Günbatar Bengal welaýatynyň Jalpaiguri sebitinde düýn güýçli tupan, tüweleý we jöwenek täsirli boldy. 

Tupan azyndan 800 öýe zeper ýetirdi, agaçlaryň we elektrik diregleriň döwülmegine sebäp boldy. 

Günbatar Bengal welaýatynyň Premýer ministri Mamata Banerjee tupan sebäpli 5 adamyň ýogalandygyny, azyndan 100 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi. 

Polisiýa gullugynyň, sebitleýin dolanşygyň, apat dolanşygynyň we adatdan daşary ýagdaýlar edarasyna degişli toparlaryň gözleg we halas ediş işleri üçin sebite gönükdirilendigini aýdan Banerjee, apatdan zyýan çeken adamlaryň howpsuz ýerlere göçürilendigini mälim etdi. 

Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi bolsa, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirip, resmilere apatdan zyýan çeken adamlara zerur bolan kömekleriň berilmegi üçin görkezme berendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #tüweleý , #tupan , #apat , #Hindistan

Degişli Habarlar