Hindistanda Tupan Sebäpli 5 Adam Ýogaldy

Tupan sebäpli azyndan 800 öýe zeper ýetirildi.

2123215
Hindistanda Tupan Sebäpli 5 Adam Ýogaldy

Hindistanyň Günbatar Bengal sebitinde tupan sebäpli bolan heläkçiliklerde 5 adam ýogaldy, 300-den gowrak adam hem ýaralandy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Günbatar Bengal sebitinde 10 minut dowam eden tupan sebäpli agaçlar ýykyldy.

Tupan sebäpli azyndan 800 öýe zeper ýetirildi.

Tupan sebäpli bolan heläkçiliklerde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýogaldy, 300-den gowrak adam hem ýaralandy.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, apatda ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirdi.

 

 


Etiketkalar: #agaç , #tupan , #Hindistan

Degişli Habarlar