Finlýandiýada Mekdebe Ýaragly Hüjüm Guraldy

Hüjümde köp sanly adamyň ýaralanandygy habar berildi.

2123611
Finlýandiýada Mekdebe Ýaragly Hüjüm Guraldy

Finlýandiýanyň Wantaa şäherinde mekdebe guralan ýaragly hüjümde köp sanly adamyň ýaralanandygy habar berildi.

BBC-niň berýän habaryna görä, 800 okuwçysy we 90 mugallymy bolan mekdebe ýaragly hüjüm guraldy.

Köp sanly adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjüm bilen arabaglanşykly 1 adam saklandy.

Sebitiň ýaşaýjylaryna wakanyň başdan geçirlen ýerinden çetde durmaklary üçin çagyryş berildi.

 



Degişli Habarlar