Demirgazyk Koreýa Ýaponiýa deňizine tarap raketa uçurdy

Demirgazyk Koreýanyň Ýaponiýa deňizine tarap ballistik raketa uçurandygy aýan edildi

2123526
Demirgazyk Koreýa Ýaponiýa deňizine tarap raketa uçurdy

Günorta Koreýanyň Baş ştabyndan berilen beýanatda, Demirgazyk Koreýanyň ýerli wagt bilen sagat 06:53-de Ýaponiýa deňizine tarap ballistik raketa uçurandygy habar berildi. 

Beýanatda orta aralykly raketadygy çak edilýän raketanyň Ýaponiýa deňizine gaçandygy mälim edildi. 

Ýaponiýanyň Goranmak ministrligi hem Demirgazyk Koreýanyň uçuran raketasynyň 100 km beýiklige ýetendigini we howada iň köp 650 km ýol geçip, Ýaponiýanyň aýratyn ykdysady zolagynyň daşyna gaçandygyny habar berdi. 

Raketanyň gaçan ýerindäki deňiz we howa ulaglaryna zeper ýetmändigi beýan edildi. 

Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumio Demirgazyk Koreýanyň raketalaryna garşy halkyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen ýurdunyň ABŞ we Günorta Koreýa bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini habar berdi. 

ABŞ-nyň Hindi-Ýuwaş umman serkerdeligi (INDOPACOM) çap eden habarnamasynda Demirgazyk Koreýany bikanun we durnuksyzlaşdyryjy hereketlerden saklanmak barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar