Blinken Bilen Abbas Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Blinken, täze hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýandyklaryny belledi.

2123579
Blinken Bilen Abbas Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen täze gurlan hökümet hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannama görä, Blinken Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Palestinada täze gurlan hökümete kanagatlanma bildirýändiklerini ýatladan Blinken, täze hökümet bilen işleşmek üçin sabyrsyzlanýandyklaryny belledi.

Täze hökümet bilen hem Günbatar Şeriada hem-de Gazada palestin halkynyň şertleriniň gowulandyrylmagy üçin ýakyndan işleşjekdiklerini nygtan Blinken, Gazada gysga wagtda ýesirleriň boşadylmalydygyny we hüjümleriň bes edilmelidigini ýatlatdy.

Palestinada Muhammed Mustafanyň ýolbaşçylygynda gurlan täze hökümet, 31-nji martda Prezident Mahmud Abbasyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada kasam edip wezipesine başlapdy.

 



Degişli Habarlar