Ysraýyl Gazadaky Şypa hassahanasyny dolulygyna ýumurdy

Ysraýylyň harby güýçleri Gaza zolagynyň iň uly saglygy goraýyş kompleksi bolan Şypa hassahanasyndan basyp alanyndan 14 gün soň, dolulygyna ýumuryp we yzynda onlarça öli goýup yza çekildi

2123181
Ysraýyl Gazadaky Şypa hassahanasyny dolulygyna ýumurdy

Şaýatlar Ysraýylyň goşunyna degişli güýçleriň Şypa hassahanasyndan we golaýyndaky ýaşaýyş zolagyndan dolulygyna çekilip, Gaza şäheriniň günorta-günbataryndaky Tel al-Hewa etrapçasynyň günortasyna geçendigini habar berdiler. 

Ysraýylyň harby güýçleriniň çekilmeden ozal Şypa hassahanasynyň ähli binalaryny ýakyp-ýumurandygyny, ähli lukmançylyk enjamlaryny ýok edendigini we hassahanany dolulygyna hyzmat berip bilmejek ýagdaýa getirendigini aýdan şaýatlar, Şypa hassahanasynda we hassahananyň golaýyndaky köçelerde onlarça adamyň jesediniň bardygyny mälim etdiler. 

Şaýatlar Ysraýylyň goşunynyň palestinalylaryň Şypa hassahanasynda döreden wagtlaýyn gonamçylygy gazandygyny, jesetleri çykaryp hassahananyň tapawutly ýerlerine atandygyny aýan etdiler. 

Palestinaly saglygy goraýyş resmileri hassahananyň dolulygyna hyzmat berip bilmejek ýagdaýa getirilendigini we häzirki döwürde ýaňadandan işledilip başladylmagynyň kyndygyny beýan etdiler. 

Saglygy goraýyş edarasynyň resmileri hassahanadaky ähli lukmançylyk enjamlary bilen birlikde operasiýa we intensiw bejergi bölümleriniň hem ýok edilendigini mälim etdiler. 


Etiketkalar: #hassahana , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar