Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 5 adam ýogaldy

Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 5 adam ýogaldy, 8 adam ýaralandy

2122517
Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 5 adam ýogaldy

Dawn atly internet saýtda berilen habarlara görä Pakistanyň Sebitleýin Apat dolanşygy edarasynyň mesele bilen bagly beren beýanatynda, Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň käbir ýerlerinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli öýleriň üçekleriniň çökendigi, sil apatlarynyň emele gelendigi we käbir ýollaryň ýapylandygy mälim edildi. 

Beýanatda welaýatyň Şangla sebitinde 3 çaga, Bajaur sebitinde bolsa 1 çaga we 1 uly adam aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we beýleki tebigy hadysalarda ýogalandygy habar berildi. 

Welaýatda sil apatlarynyň bolmagy we öýleriň üçekleriniň çökmegi netijesinde 5-si çaga jemi 8 adamyň ýaralanandygy, sil apatynda şeýle hem 2 çaganyň dereksiz ýitendigi aýan edildi. 

Resmiler howpsuzlyk çäreleriniň çäginde sebitdäki käbir ýollaryň ýapylandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Pakistan

Degişli Habarlar