Fransiýada polisiýa gullugynyň 2 işgäri işinden uzaklaşdyrydy

Fransiýanyň Wal-d'Uaz welaýatynyň Wilýe-le-Bel şäherinde 17 ýaşly bir ýaş oglana garşy zorluk ulanan iki polisiýa işgäri işlerinden uzaklaşdyryldy

2122518
Fransiýada polisiýa gullugynyň 2 işgäri işinden uzaklaşdyrydy

Le Parisien gazediniň habar bermegine görä Sarsel polisiýa merkezinde işleýän 2 polisiýa işgäriniň Wilýe-le-Bel şäherinde 17 ýaşyndaky bir ýaş oglany göz tussaglygyna alan mahaly ýenjen wagty düşürilen wideo sosial mediada paýlaşyldy. 

Wideo materiallar sebäpli 2 polisiýa işgäri işlerinden uzaklaşdyryldy, waka bilen bagly derňew işi başladyldy. 

Wideoda polisiýa işgärleriniň biriniň ýaş oglany garažyň öňüne getirip ýenjendigini, beýleki polisiýa işgäriniň bolsa ýere ýykylan ýaş oglany ýokaryk galdyryp ýenjendigini görüp bolýar. 



Degişli Habarlar