Demirgazyk Kawkazda terrora garşy operasiýa geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasynda terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşygy bolandygy öňe sürülen şübhe astyndaky 3 adam göz tussaglygyna alyndy

2122724
Demirgazyk Kawkazda terrora garşy operasiýa geçirildi

Milli Terrora garşy göreş komiteti: "Birnäçe terrorçylykly aksiýany amala aşyrmagy meýilleşdirýän üç şübheli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edildi. Şübhe astynda bolan adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde geçirilen gözleg işlerinde awtomatiki ýaraglar, ok-däriler we ulanmaga taýyn partlaýjy enjamlar tapyldy" diýip habar berildi. 

Ýerli wagt bilen sagat 05:30-da Kaspiýsk şäherinde we Mahaçkala şäheriniň käbir etrapçalarynda terrora garşy göreş operasiýasy başladyldy. 

Operasiýa geçirilýän sebitiň daşy gabaldy, sebitiň ýaşaýjylary ulag çäklendirmelerine sezewar galdylar. Günortan operasiýanyň tamamlanandygy mälim edildi. 

Mart aýynyň başynda Russiýa Federasiýasyna degişli Inguşetiýa Respublikasynda terrora garşy göreş operasiýasynyň geçiriljekdigi yglan edilipdi. Inguşetiýanyň Karabulak şäherindäki ýaşaýyş binalaryň birinde geçirilen operasiýada birnäçe adamdan ybarat terror topary täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. Milli Terrora garşy göreş komiteti öldürilen adamlaryň terror guramasy DAIŞ-iň agzalary bolandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar