BMG Ysraýylyň aksiýalaryny ýazgarýar

Ysraýyl goşuny hüjümlerinde halkara guramalaryny we işgärlerini göz öňünde tutmaýar

2122532
BMG Ysraýylyň aksiýalaryny ýazgarýar

Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulaglary, Liwanyň günortasynda BMG-nyň Liwandaky wagtlaýyn parahatçylyk güýjüne degişli sowutly ulagy nyşana alyp, hüjüm gurady. 

Hüjümde 3 esger bilen Liwanyň 1 raýaty ýaralandy. 

Liwan hüjüme berk reaksiýa bildirdi. Liwanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň ýurduň günortasyna guran hüjümleriniň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine şikaýat edilmegi üçin taýarlyklar görülmäge başlanandygy beýan edildi, hüjüme berk reaksiýa bildirdildi. 

Hüjümi BMG hem ýazgardy. BMG-nyň baş sekretarynyň metbugat geňeşliginden berilen beýanatda, BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterreşiň hüjümi ýazgarandygy aýan edildi.

Beýanatda parahatçylyk güýçleriniň howpsuzlygynyň hemişe üpjün edilmeginiň zerurdygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #Liwan , #hüjüm , #Ysraýyl , #BMG

Degişli Habarlar