ABŞ Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder

Lloýd Ostin bilen Rüstem Umerow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2122423
ABŞ Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder

ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin, Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ýurdunyň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagondan berlen beýannamada, iki kärdeşiň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýannamada, iki kärdeşiň Russiýanyň guraýan raketa hüjümleriniň Ukrainanyň şäherlerine we infstruktura ýetirýän ýaramaz täsirleri, Ukraina goşmaça howa goranyş ulgamlarynyň berilmegi barada hem pikir alyşandygy ýatladyldy.

 

 



Degişli Habarlar