Putin Moskwada Guralan Hücüm Bilen Bagly Soraglary Gün-tertibine Getirdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin anna agşamy paýtagt Moskwada guralan we 139 adamyň pida bolan terror hücümi bilen bagly üns çekýän käbir soraglary gün-tertibine getirdi.

2120152
Putin Moskwada Guralan Hücüm Bilen Bagly Soraglary Gün-tertibine Getirdi

Wladimir Putin höklümet we ýerli ýolbaşçylar, howpsuzlyk we güýç ulanycy gulluklaryň ýolbaşçylary bilen terror hücümi hem-de ondan soň görülen çäreler boýunça maslahat geçirdi.

Derňew işiniň ýokary derecede obýektiw görnüş, syýasy düşünceden garaşsyz geçirilmelidigine ünsi çeken Putin; “Bu cenaýatyň musulman dünýäsiniň asyrlardan bäri ideologiýasyna garşy fgöreşýän radikal yslamçylar tarapyndan guralandygyny bilýäris. Emma şol bir wagtda-da ABŞ-nyň Moskwadaky terror hücüminde Kiýewden hiç hili yz tapmandygyna, pacygaly terror hücümini Russiýada gadagan edilen DEAŞ guramasynyň ýaranlarynyň, agzalarynyň gurandygyna ynandyrmaga çalyşýandygyny hem görýäris. Russiýa we onuň halkyna bu zulmy kimiň eli bilen edilendigini bilýäris. Görkezmäni kimiň berendigi bilen gyzyklanýarys” diýdi.

Howpsuzlyk guramasy bilen güýç ulanycy organlaryň bilelikdäki işleriniň dowamynda ençeme soraga cogap gözleýändiklerini nygtan Putin, radikal guramalaryň Ýakyn Gündogarda adalatly çözgüdiň tarapynda durýan Russiýany urmak bilen gyzyklany-gyzyklanmaýandygyklaryny sorady.

Russiýanyň lideri “Eýsem özlerini hamala sap yslamy goraýan dindar musulmanlar hökmünde häsýetlendirýän radikal yslamçylar musulmanlar üçin mübärek bolan oraz aýynda şeýle zulum edýärler we cenaýat işleýärler” diýdi.

“Mundan kim peýdalanýar” diýip soran Putin; “Bu wagşylyk 2014-nci ýyldan bäri neo-Nazist Kiýewiň eli bilen ýurdumyza garşy söweşýänleriň birnäçe synanşygynyň ýekece halkasy bolup biler. Nazistler mälim bolşy ýaly maksatlaryna ýetmek üçin iň pacygaly we adamkärçilige gelişmeýän ýollara ýüz urmakdan hiç haçan çekinmediler” diýdi.



Degişli Habarlar