Germaniýada 4 gatly binada ýangyn boldy

Germaniýanyň Solingen şäherinde 4 gatly binada bolan ýangynda 2-si çaga jemi 4 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy

2120195
Germaniýada 4 gatly binada ýangyn boldy

Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, şäheriň Hýoşaýd etrapçasyndaky köne binalaryň birinde entek sebäbi entek anyklanyp bilinmedik ýangynyň bolandygy mälim edildi. 

Ýangyn söndüriji gullugyndan berilen beýanatda bolsa, 4 gatly binanyň 2-nji gatynda başlaýan ýangyna iň ýokary gatdaky öýlerinde ýatan mahaly sezewar galan şol bir maşgaladan 2-si çaga jemi 4 adamyň ýogalandygy, 2-siniň ýagdaýy agyr 9 adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi. 

Ýangyndan soň binadaky 21 adamyň ewakuasiýa edilendigi bellenen beýanatda, tüsseden zäherlenen köp sanda adamyň bejergi astyna alynandygy habar berildi. 

Polisiýa gullugy binada ýaşaýan adamlaryň şasyýetleri barada beýanat bermedi, golaýdaky ýaşaýjylar bolsa ýogalan adamlaryň Bolgariýanyň raýatlarydygyny beýan etdiler. 

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygynyň anyklanmagy üçin derňew işiniň dowam edýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar