Gaza Howadan Ynsanperwer Kömegi Berilýär

Iordaniýa,8 uçar bilen Gaza Sektorynyň demirgazygyna howadan ynsanperwer kömeginiň berlendigini habar berdi

2120134
Gaza Howadan Ynsanperwer Kömegi Berilýär

Iordaniýa, Gaza Sektorynyň demirgazygyna, Müsüriň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Singapuryň we Britaniýanyň gatnaşmagynda howadan ynsanperwer kömegini berendigini habar berdi.

Iordaniýanyň harby goşunyndan berlen ýazmaça beýannamada, Gaza Sektorynyň demirgazygyna Müsüriň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Singapuryň we Britaniýanyň gatnaşmagynda 8 uçar bilen howadan ynsanperwer kömeginiň berlendigi nygtaldy.

Beýannamada Britaniýanyň ilkinji gezek Iordaniýanyň howa güýçleri bilen howadan ynsanperwer kömeginiň berliş operasiýasyna gatnaşandygy bellenildi.

Iordaniýa ýekşenbe güni hem 4 ýurduň gatnaşmagynda Gazanyň demirgazygyna howadan ynsanperwer kömegini berendigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar