PKK-nyň Belgiýadaky meçew beriji hereketlerine türk raýatlar nägilelik bildirdi

Belgiýanyň Limburg sebitindäki Heusden-Zolder etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň tarapdarlarynyň meçew beriji hereketlerine asly türk bolan raýatlar nägilelik bildirdiler

2119797
PKK-nyň Belgiýadaky meçew beriji hereketlerine türk raýatlar nägilelik bildirdi

Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherine takmynan 1 sagat uzaklykdaky Hoýsden-Zolder etrabynda, Nowruz bilen bagly geçirilen çäreden gaýdyp gelýän PKK-nyň tarapdarlary, ulaglary bilen ekstremist terror guramasy PKK-ny alamatlandyrýan mata bölekleri we guramanyň ýolbaşçysynyň suratlary bilen ýöriş geçirdiler. 

Şygarlar hem aýdan PKK-nyň tarapdarlary, asly türk bolan raýatlaryň ýaşaýan köçeden geçdiler. Türkler PKK-nyň tarapdarlaryna nägilelik bildirdi. Ondan soň iki toparyň arasynda dartgynlyklar başdan geçirildi. 

Käbir ulaglaryň ýakylan wakanyň bolan ýerine köp sanda polisiýa toparlary gönükdirildi. 

Polisiýa wakalaryň başdan geçirilen Hautalen-Helhteren etrabynda topara ýokary basynçly suw ulandy. 

Hautalen-Helhteren etrabynyň häkimi Alen Aýzermans ýerli metbugata beren beýanatynda, wakalaryň PKK-nyň tarapdarlarynyň ulaglary bilen geçýän mahaly bir türk ýaş oglanyň hüjüme sezewar galmagy netijesinde başlandygyny, onuň hem sosial mediada ýaýramagy bilen ulalandygyny gürrüň berdi. 

Polisiýa irdene çenli gözegçilik edip, sebitde hüşgärlik derejesini ýokarlandyrdy. 

 


Etiketkalar: #Belgiýa , #tarapdar , #türk , #PKK

Degişli Habarlar