Germaniýalylaryň pikiriçe, Ysraýylyň hüjümleri adalatsyz

Germaniýada halkyň aglabasy Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň adalatsyzdygyny pikir edýär

2119285
Germaniýalylaryň pikiriçe, Ysraýylyň hüjümleri adalatsyz

Germaniýanyň ZDF atly ýaýlym organynyň "Politbarometer" atly sowalnamasyna gatnaşan adamalryň 69 göterimi, Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň adalatsyzdygyny beýan etdi. 

Hüjümleriň adalatlydygyny pikir edýänleriň sany 18 göterim bolýan bolsa, sowalnama gatnaşanlaryň 13 göterimi "Bilemok" diýip jogap berdi. 

Sowalnama gatnaşan adamlaryň 87 göterimi Günbatar ýurtlary tarapyndan Gaza zolagyndaky halka azyk we derman üpjünçiliginiň gowulaşdyrylmagy üçin Ysraýyla has köp basyş edilmegini, 7 göterimi bolsa basyş edilmeli däldigini aýdýar. 



Degişli Habarlar