Blinken Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy

“Terrory berk ýazgarýarys. Terrorçylykly hüjüm sebäpli ýas tutýan rus halkyna duýgudaşlyk bildirýäris”

2119378
Blinken Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýanyň paýtagty Moskwada konsert zalynda guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.

Entoni Blinken beren ýazmaça beýannamasynda, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildirýändiklerini nygtap, “Terrory berk ýazgarýarys. Terrorçylykly hüjüm sebäpli ýas tutýan rus halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi.

Blinken, ABŞ-nyň Moskwadaky terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýandygyny belledi.

Russiýanyň paýtagty Moskwada Krokus konsert zalynda 22-nji martda ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guralypdy.

Konsert zalyna giren hüjümçileriň çem gelen ýere od açmagy we konsert zalynyň üçeginiň ýanandygy sebäpli 133 adam ýogalypdy, 100-den gowrak adam hem ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DEAŞ öz üstüne aldy.

Hüjümi guran 4 terrorçy bilen birlikde 11 adam saklandy.

 



Degişli Habarlar