Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana almaga dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Aşraf al-Kudra maglumat berdi

2119283
Ysraýylyň goşuny Gazada asuda ilatly ýerleri nyşana almaga dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň halky aç-suwsuz goýup, ynsanperwer kömekleriň girmegine hem päsgel berip gumanitar betbagtçylyga sebäp bolan Gaza zolagynda 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 32 müň 142 adama ýetdi. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat geňeşçisi Aşraf al-Kudra beren beýanatynda, Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy başladan hüjümleriniň eýýäm 169 gün bäri dowam edýändigini mälim etdi. 

Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda ýene-de 72 palestinalyny öldürendigi bellenen beýanatda, jemi adam pidalarynyň 32 müň 142 adama ýetendigi mälim edildi. 

Guralan soňky hüjümlerde ýene-de 114 palestinalynyň ýaralanmagy bilen jemi ýaralananlaryň sanynyň 74 müň 412 adama ýetendigi aýan edildi. 

Kudra ýollaryň gyralarynda we ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda häzirki wagtda hem ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygyny, emma Ysraýylyň harby güýçleriniň päsgel bermegi bilen şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigini habar berdi. 

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň reýdler geçirip, gabaw astyna alan Gaza şäherindäki Şypa hassahanasynda eýäm ençeme gün bäri azyk, suw we saglygy goraýyş hyzmatyny alyp bilmeýän keselli adamlaryň ýene-de 5-siniň ýogalandygy aýan edildi. 

Galan ýaralananlaryň ýagdaýynyň aşa agyrdygy we ýaralarynda gurçuklaryň görülmäge başlanandygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar