Sloweniýa Rus Diplomadyny Ýurtdan Çykarar

Sloweniýa 2022-nji ýylyň aprel aýynda hem 33 rus diplomadyny ýurtdan çykarypdy.

2118612
Sloweniýa Rus Diplomadyny Ýurtdan Çykarar

Sloweniýanyň 1 rus diplomadynyň ýurtdan çykarylmagy barada karar kabul edendigi nygtaldy.

Sloweniýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Russiýanyň Sloweniýadaky ilçihanasynda işleýän 1 rus diplomadyň, diplomatik düzgünlere bap gelmeýän hereketleri sebäpli islenmeýän adam hökmünde yglan edilendigi bellenildi.

Diplomatik gatnaşyklary kesgitleýän Wena şertnamasynyň 9-njy maddasyna laýyklykda şeýle kararyň kabul edilendigi we rus diplomadyň 28-nji marta çenli ýurdy terk etmeginiň islenendigi ýatladyldy.

Sloweniýa 2022-nji ýylyň aprel aýynda ÝB-ne agza beýleki ýurtlar bilen utgaşykly ýagdaýda hereket etmek maksady bilen 33 rus diplomadyny ýurtdan çykarypdy.

 



Degişli Habarlar