Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar

Terrorçylykly hüjümiň guralan Russiýa dünýäniň çar künjeginden gynanç ýüzlenmeler berilýär

2119138
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar

ABŞ-nyň hökümedi Prezident Jo Baýdeniň hadysalara ýakyndan gözegçilik edýändigini habar berdi. 

Ak Tamdan berilen beýanatda: "Moskwadaky hüjüm elhenç, kalbymyz ýogalan adamlar bilen bilelikde" diýip bellendi. 

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda hüjüm berk ýazgaryldy. Beýanatda: "Bigünä adamlaryň maşgalalaryna, Russiýa Federasiýasynyň halkyna we hökümetine tüýs ýüregimizden gynanç bildirýäris" diýip beýan edildi. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron rus halkyna medet beriji ýüzlenmeler berdi. 

BMG-nyň howpsuzlyk geňeşi terrorçylykly aksiýany "hyýanatçylykly we gorkak" diýip häsýetlendirdi. 

BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterriş hüjümi berk ýazgardy. 

Germaniýanyň Daşary işler ministrligi hem gynanç ýüzlenmesini çap etdi. Beýanatda, hüjümiň meýilnamasynyň tiz wagtda ýüze çykarylmagynyň zerurdygyny beýan etdi. 

Özbegistanyň Prezidentliginden berilen beýanatda, Prezident Şewket Mirziýoýewiň pajygaly waka bilen bagly Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine çuňňur gynanç bildirýändigi bellendi. 

Hamasyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Moskwada asuda ilaty nyşana alan, onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys" diýip habar berildi. 

Irlandiýa, Gresiýa, Tunis, Ysraýyl, Ýaponiýa we Eýran döwletlerinden hem Russiýa gynanç bildirildi. 

Beýleki tarapdan ABŞ soňky birnäçe hepde bäri terrorçylykly hüjüm bilen bagly rus resmilerine duýduryş berendigi aýan edildi. 

ABŞ-nyň hökümedi raýatlaryna konsertler bilen birlikde adamlaryň ýygnanýan ýerlerinden uzak durmaklary barada çagyryş beripdi. 

Beýik Britaniýa we Kanada hem Russiýadaky raýatlaryna seresap bolmaklary we märekeden uzak durmaklary barada çagyryş beripdi. 

Düýn Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Krokus Siti Holl atly konsert zalyna ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guralypdy. 

Sosial mediada görkezilen materiallarda hüjümçileriň zalda çem gelen ýere ot açandyklaryny, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugy terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 40 adamyň ýogalandygyny, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko 60-synyň ýagdaýy agyr bolmak bilen 115 adamyň ýaralandygyny habar beripdiler. 

Russiýanyň Derňew komitedi Moskwadaky terrorçylykly hüjümde 60-dan gowrak adamyň ýogalandygyny, ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #gynanç , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar